Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
Çap edildi 17.09.2024
2138

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, biziň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahamyzyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny nygtady. 

Bellenilişi ýaly, halkara bileleşigi tarapyndan owgan halkyna kömek bermek, ýagdaýa oňat düşünmek, öňdengörüjilik hem-de bu meselä jogapkärli çemeleşmek zerur bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz esasy maksatlara – Owganystany durnukly, parahat ýurda, gymmatly we geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, hormatlanylýan we deňhukukly döwlete, Milletler Bileleşiginiň agzasyna öwürmäge ýardam bermäge ünsi jemlemäge çagyrdy. 

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Germaniýa halkara we sebit meýdançalaryny ulanyp, bu wezipelere tagallalary gönükdirmek, diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, Owganystanyň gatnaşmagynda iri infrastruktura we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, olara saldamly daşarky maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermek zerur bolup durýar.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow