Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Çap edildi 09.11.2024
3501

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň baş agronomy Mämmetgylyç Allaberdiýewiç Berdiýewi,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arslan Annamyradowiç Apbasowy,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Halnepes Bäşimnepesowiç Annadurdyýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşirin Kullyýewna Orazgeldiýewany,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magtymguly Nurmämmedowy,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Bereket etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ussasy Söhbet Garmämmedowiç Rejepowy,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kadyrmämmet Saparmämmedowiç Durdymämmedowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çarytagan Orataganowiç Oraztaganowy,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Dädebaý Kakaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Bahram Hasanowiç Tajimuratowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň baş agronomy Haýtmurat Babajanowiç Esenowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahargül Selimowna Begjanowany,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň mehanizatory Töre Çaryýewi,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Hudaýguliýewna Allakulyýewany,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň J.Mämedow adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Seýitmyrat Allaberdiýewiç Koçowy,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan hususy önüm öndüriji Enargul Akmuratowna Ersaryýewany,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Nurmyradowiç Bäşimowy,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Baýramaly etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Bäşim Abaýewiç Saparowy,

Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan hususy önüm öndüriji Nazargeldi Amanowiç Akylyýewi,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Esen Allagulyýewiç Rüstemowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow