Resmi
03.04 2026

Aknabat Orazmyradowna Atabaýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

03.04 2026

Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

03.04 2026

Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarowy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

31.03 2026

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

28.03 2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp hem-de doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlaryny, ýurdumyzda ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

27.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi.

21.03 2026

Begli Baýrammyradowiç Ataýewi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

20.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

16.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

16.03 2026

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

145 sahypa
Soňky habarlar
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady