Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 20-nji Ýanwar
Resmi
Resmi habarlar 20-nji Ýanwar
Çap edildi 20.01.2017
4285

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine 2017-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde hem-de şu ýylyň hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny dermanlamakda, şeýle hem çekirtgä garşy ulanylýan himiki serişdeleri we pürküji enjamlary satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hususan-da, maýyplary we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine degişlilikde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin 1 sany 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasarynyň başlyklygynda Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow