Baş sahypa
\
Resmi
\
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 25.05.2025
3542

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan netijeli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Dürli öwüşginli dünýä meşhur halylary dokaýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri juda uludyr, olar döwlet derejesinde sylag-hormata mynasypdyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»
diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Seýitmuradowna Rahmanowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akjamal Gurbanmuhammedowna Gurbanmämmedowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Baýramtäç Mämmedowna Orazowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Mährijemal Rejepbaýewna Atalowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Şükürbaýewna Jumabaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň gözegçi ussasy Mähri Ýusupowna Annamuradowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Çemen Tölekowna Rozyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Saparaý Jomartowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Gülnabat Amanmyradowna Babaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Şemşat Berkeliýewna Rejepowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow