Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 29.05.2025
3021

«Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny, senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagynyň talabalaýyk guralmagyny we amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplary tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, häzirki zaman tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagyny gurnamak hem-de kitaphanany döwrebap sanly tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
06.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.11
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
05.11
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki çykyşy
05.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
top-arrow