Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Çap edildi 23.06.2025
372

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň ykdysady taýdan durnukly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu bank Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly syýasatyny we durnukly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça durmuşa geçirýän başlangyçlaryny goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan özara hereketleriň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýar. Geçen döwrüň içinde bu bank Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen bu maliýe guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmenistan tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana ulag-logistika pudagyny ösdürmäge berk esaslary döredýär. Bu ugurda ýurdumyz demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýanyň ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagy ösdürmek maksadyna laýyklykda, bu düzümiň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow