Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 24.06.2025
384

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler.

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow