Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Myhman her gezek sapar bilen Türkmenistana gelende, täze ösüşleriň şaýady bolýandygyny belläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek tejribesine esaslanýar. Häzirki wagtda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri nazara almak bilen, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo” kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterinde hem iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy hem-de kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Taekwondo federasiýasynyň Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini — dokuzynjy danyny bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli güwänamany hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy Çon Kapkil sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan güwänamany hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu belent sylagy ähli türkmen taekwondoçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem Milli Liderimiz Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, taekwondony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigine we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýrandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysynyň türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirip, öz maslahatlaryny bermeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.