Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2025
1959

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gepleşikleri geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow