Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
Çap edildi 11.07.2025
3097

Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmaly.

2. Ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky:

1) «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmeli;

2) «Türkmenhowaýollary» agentligini we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrmaly hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli.

3. Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasary, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasary, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasary, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary bolmaly.

4. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, degişlilikde, işini bes eden «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hukuk oruntutarlary diýip kesgitlemeli.

5. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:

1) Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;

2) Şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

Soňky habarlar
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow