Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 06.08.2025
383

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr.

“Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gazhimiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Robina Nabbanja şu günki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow