Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 26.10.2025
4652

Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilýän “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde 1-nji orny eýeläp, ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow