Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 19.12.2025
1904

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.

Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygy durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda dostluk toparlary hereket edýär. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Fukuşiro Nukaga hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ilkinji bolup açylandygyny we onuň serginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow