Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Çap edildi 20.12.2025
3309

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Magtymguly etrabyndaky sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallymy Baýramdurdy Nurmuhammet ogly Nurmuhammedowyň sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow