Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Çap edildi 30.12.2025
4328

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

— ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

— gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

— “Türkmenpagta” döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;

— “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;

— Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;

— “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow