Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 21.01.2026
1406

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi hem-de ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara düzümiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny belledi. Onuň ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesidir, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyna, täze başlangyçlara itergi berjekdigine hem-de howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygynyň ählumumy meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirip, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ählumumy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmaga goşant goşýar, dünýä jemgyýetçiliginiň howa we daşky gurşaw meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryny, tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, ekologiýa meselelerine üns bermek bilen, oba hojalyk ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirýär. Şeýle-de oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak we möçberini artdyrmak üçin sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyz bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanda bu düzümiň goldawy bilen oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýer serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini goramak boýunça milli we sebit derejesinde tagallalary pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. “Ýaşyl” howa gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar, “Bitewi saglyk” konsepsiýasy ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow