Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Çap edildi 30.05.2026
873

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek boýunça döwletimizde alnyp barylýan yzygiderli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Bütin dünýäde meşhur bolan nepis halylary dokaýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň, ussat halyşynaslarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri juda uludyr, olar döwlet derejesinde sylag-hormata mynasypdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gültäç Geldimuhammedowna Hojamuhammedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazbibi Garlyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Rejepowna Kakyşewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsa Gurbansähedowna Nurberdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Kurbanaý Genjaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Bazarbaýewna Agaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň gözegçi ussasy Gülistan Toýlybaýewna Gurbanbaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Altyn Musagulyýewna Algulyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgözel Muhammetdurdyýewna Pälwanowa,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy Rabiýa Şerniýazowna Babaniýazowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 30-njy maýy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow