Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirilýär
Jemgyýet
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirilýär
Çap edildi 12.02.2017
1762

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenilýär. Saýlaw uçastoklary 12-nji fewralda dünýäniň her bir sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda ir bilen açyldy. Saýlawlaryň guramaçylary saýlaw wagtynda daşary ýurtlarda bolýan ýurdumyzyň raýatlarynyň özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertleri döretdiler. Synçylar ses bermegiň saýlaw uçastoklarynyň açylan ilkinji pursatlaryndan başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny, raýatlarymyzyň—daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýän hem-de okaýan ildeşlerimiziň raýatlyk jogapkärçiligini we olaryň ýokary düşünjeliligini belleýärler.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow