Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidentinden
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidentinden
Çap edildi 14.02.2017
4151

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk güni kararnamasyny kabul etmegi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Siziň başlangyjyňyzy goldap, kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Halkara bileleşigi bu baýramçylygy her ýyl bellemek bilen, türkmen halkynyň gülläp ösýän döwleti gurmak ýolunda gazanýan üstünliklerine köp gezek baha berip biler. Pursatdan peýdalanyp, Siziň şahsy tagallalaryňyzy aýratyn bellemäge rugsat ediň. Şol tagallalaryňyz netijesinde Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Geljekde hem bize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine umyt edýärin. Hormatlamak bilen, Giorgiý Margwelaşwili, Gruziýanyň Prezidenti

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow