Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 14.02.2017
4222

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bilen gutlamaga rugsat ediň. 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan her ýyl bu güni Bitaraplyk baýramçylygy hökmünde belleýär. Siziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça eýeleýän ornuňyz parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylandygyna tüýs ýürekden guwanýaryn. Bu waka türkmen diplomatiýasynyň halkara giňişliginde gazanan uly üstünligi bolup durýar. Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine umyt edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow