Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksçylary Helsinkidäki ýaryşda 11 medal gazandylar
Sport
Türkmen kikboksçylary Helsinkidäki ýaryşda 11 medal gazandylar
Çap edildi 20.02.2017
2394

Halkara derejesindäki iri ýaryşlarda kikboksingiň türkmen ussatlary nobatdaky uly üstünligi gazandylar. Bu gezek olar Helsinki şäherinde (Finlýandiýa) geçen ýaryşda tapawutlanyp, 11 medal gazandylar. Şolaryň ýedisi altyn, biri kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary –Çarygylyç Tagangylyjow (60 kilograma çenli agram derejesi), Muhammet Altybaýew (63,5 kilograma çenli), Şöhrat Hallyýew (67 kilograma çenli) we Şöhrat Ýagmyrow (75 kilograma çenli) altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Döwlet edaralarynyň işgärleri bolan Goçmyrat Jumanyýazow (71 kilograma çenli) we Azamat Jumakulyýew (81 kilograma çenli) Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne altyn medallaryň ikisini goşdular. Birinji ornuň ýene-de birini bolsa Türkmenbaşy şäheriniň (Balkan welaýaty) sport mekdebiniňm tälimçisi Azat Annaýew (91 kilograma çenli) eýeledi. Kikboksing federasiýasynyň wekili Şöhrat Pirimanow (86 kilograma çenli) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bürünç medallary Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) sport mekdebiniň tälimçisi Nariman Aýdogdyýew (60 kilograma çenli), Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Merdan Mämmedow (67 kilograma çenli) we Seýitmuhammet Çaryýew (75 kilograma çenli) gazandylar. Kikboksçylarymyzy ýaryşlara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de Milli ýygyndy toparynyň baş halypasy Aleksandr Snagowskiý taýýarlady. Indi onuň şäher sport komitetiniň Aşgabat toplumlaýyn sport mekdebiniň düzümine girýän türgenleri ýene-de bir iri halkara ýaryşyna güýçli taýýarlanmaly bolar. Ol ýaryşy aprel aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçirmek maksat edinilýär. Bu ýaryşlar diňe bir türgenlerimizi gözden geçirmäge mümkinçilik bermän, eýsem täze sport meýdançalaryny synagdan geçirer. Şol meýdançalarda, mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Kikboks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gutarnykly düzümi aprelde Aşgabatda geçiriljek ýaryşlaryň netijeleri boýunça kesgitlener.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow