Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular
Sport
Türkmen uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular
Çap edildi 21.02.2017
2439

“Moskwa ýyldyzlary—uşu—2017” atly III halkara ýaryşy geçirilýär, onda türkmen türgenleri üç medala—bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Ýaryşa jemi 16 ýurtdan-- Hytaýdan, Ispaniýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, Ysraýyldan, Fransiýadan, Türkiýeden we beýlekilerden 200-den gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistanlylar uşu – sanda söweş görnüşi boýunça tapawutlandylar. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jennet Atabaýewa kümüş medala eýe boldy. Biziň ildeşimiz aýgytlaýjy tutluşykda ýer eýeleriniň wekilinden asgyn geldi. Erkekleriň toparynda degişlilikde 48 kilograma çenli we 60 kilograma çenli agram derejelerinde çykyş eden Mekan Gulmyradow hem-de Serdar Nurgeldiýew bürünç medala eýe boldy. Türgenlerimizi ýaryşlara Uşu milli federasiýanyň başlygy Ýazmyrat Annamyradow taýýarlady. Indi hytaý söweşjeň sungaty boýunça türkmen türgenleri şu ýylyň esasy ýaryşlaryna-- güýz paslynda Kazanda (Russiýa) geçirilmegi meýilleşdirilen dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Dünýäniň birinjiligine 80 ýurtdan 1,5 müňe golaý türgeniň gatnaşjakdygy eýýämden mälimdir.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow