Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 24-nji Fewral
Resmi
Resmi habarlar 24-nji Fewral
Çap edildi 24.02.2017
4715

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Rejep Bazarow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edip bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow