Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen karateçileri Berlinde bir altyn we dört bürünç medala eýe boldular
Sport
Türkmen karateçileri Berlinde bir altyn we dört bürünç medala eýe boldular
Çap edildi 27.02.2017
2421

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine – 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy. Biziň toparymyzyň düzüminde Jelal Satlykgulyýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Oňa 75 kilograma çenli agram derejesinde şahsy bäsleşiklerde taý gelen bolmady. Bürünç medallaryň birine Diýar Hojaýew (60 kg çenli) mynasyp boldy. Bu ezber türgen halkara derejesindäki iri ýaryşlarda ençeme medallaryň, şol sanda altyn medallaryň eýesi bolmagy başardy. Onuň iň uly üstünligi bolsa “iň çalt ýeňiş” gazanmak boýunça dünýä rekordyny goýmagydyr. Ol 2015-nji ýylda Tolýattide geçen fudokan-karate boýunça Russiýanyň açyk kubogy ugrundaky ýaryşda öz garşydaşyny bary-ýogy 7 sekuntda ýeňmegi başarypdy. Bu rekord netije häzire çenli hem saklanýar. Şahsy bäsleşiklerde Selim Myratdurdyýew (61 kg çenli) hem üçünji orny eýeledi. Bürünç medallaryň ýene-de ikisini türkmen türgenleri toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) boýunça gazandylar. Bu görnüşde Jelal Satlykgulyýew, Döwlet Berdiýew, Gurbanmyrat Gylyjow, Röwşen Hudaýberenow we Selim Myratdurdyýew tapawutlandylar.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow