Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar
Jemgyýet
Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar
Çap edildi 02.03.2017
1687

Aşgabadyň gür ilatly ýerlerinde köpgatly döwrebap awtoulag duralgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Her biri 400 ýa-da 240 awtomobile niýetlenilen duralgalarda alty müňe golaý ulag ýerleşip biler. Häzirki günde telekeçilik düzümleri olaryň altysynda işleri tamamladylar, ýene-de onusyny (3-si 400 orunlyk, we 7-si 240 orunlyk) gurluşyk firmalary şy aýyň dowamynda ulanmaga tabşyrarlar. Ulag eýeleriniň oňaýlylygy üçin duralgalaryň hersinde liftleriň ikisi gurnaldy. Binalaryň hemmesiniň ulag goýulýan ýerleri habar beriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olar bina girilýän ýerde ýerleşdirilen tablo arkaly haýsy gatda boş ýeriň bardygyny habar berýär. Duralga binalary ýangyna garşy duýduryş we köpçülige eşitdirilip ýetirilýän aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilendir. Bu binalaryň birnäçesiniň girelgesinde ulaglara awtomatik usulda ýol berýän töleg geçiriji enjam gurnalypdyr. 400 ulag goýup boljak binalaryň birinji gatynda 8 dükan açylar, ulaglaryň az sanlysy goýuljak duralgalarda bolsa awtoýuwalgalar gurnalar. Ulag goýulýan köpgatly binalar depginli ösýän paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşyp, onuň özboluşly gözelligini hem-de aşgabatlylaryň ýaşamagy üçin oňaýlylygy artdyrýar.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow