Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Oba maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 63-siniň gurluşygy dowam etdirilýär
Jemgyýet
Oba maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 63-siniň gurluşygy dowam etdirilýär
Çap edildi 03.03.2017
1899

Türkmenistanda ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 512,4 kilometr inženerçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň, 27,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy hem-de 63 sany durmuş maksatly binanyň we desganyň, 28 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, 763,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Jemi 156,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şeýle hem sebitlerde senagaty ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň barşy barada habar berildi. Häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 216-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de 104-sinde gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow