Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen talyplarynyň Belarusda geçirilen ders bäsleşiginde gazanan üstünligi
Jemgyýet
Türkmen talyplarynyň Belarusda geçirilen ders bäsleşiginde gazanan üstünligi
Çap edildi 23.04.2017
2648

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň geçen hepdede Belarus Respublikasynda nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşiginde medallara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky subutnamasydyr. Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen bäsleşiklere Belarusdan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan ýokary okuw mekdepleriň 35-sine wekilçilik eden talyplaryň 145-si gatnaşdy. TDU-nyň fizika fakultetiniň radio fizika we elektronika hünäriniň talyplary Meýlis Mälikow şahsy birinjilikde altyn medala, Mekan Toýjanow bolsa kümüş medala mynasyp boldular. Uniwersitetiň nazary we eksperimental fizikasy kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gylyçmämmet Orazowyň taýýarlan we ýolbaşçylyk eden türkmen talyplary toparlaýyn bäsleşikde 35 ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýokary netije görkezip, ikinji orny eýelediler hem-de ders bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň ýörite baýragyna eýe boldular. Mundan başga-da olar halkara ders bäsleşiginiň çäginde guralan “Breýn-ring” bäsleşiginde hem şowly çykyş edip, ikinji orny eýelediler. Talyplarymyzyň gazanan halkara derejeli üstünligi mynasybetli Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde ýeňijileri sarpalamak çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalary hem-de yzygiderli durmuşa geçirilýän bilim syýasaty, öz kalbynda beslän hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenler hökmünde ýetişmäge döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýdyp, geljekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüşine uly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Biziň talyplarymyzyň halkara ders bäsleşiginde gazanan ýene bir üstünligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň barha ýokarlanýan mümkinçiliginiň, Türkmenistanyň dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynyň aýdyň mysalydyr.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow