Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-belarus işewürler forumy
Ykdysadyýet
Türkmen-belarus işewürler forumy
Çap edildi 25.05.2017
1949

“Mizan” işewürler merkezinde Türkmen-belarus işewürler forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan yzygiderli guralýan forum ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli gepleşikler meýdançasy hökmünde özüni görkezdi. Belarus wekiliýetiniň düzüminde iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň wekilleri bar. Olaryň hatarynda Mogilýow wagongurluşyk zawody, “Zawod-Ýewromaş”, “Tehnodwor” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti, Gomeliň stanok ulgamlary zawody, “Instrumentalnyýe tehnologii” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, “Bel-OMO” holdinginiň dolandyryjy kompaniýasy ýaly kärhanalar, azyk senagatynyň wekilleri, maşyngurluşyk önümlerini, maşynlaryň we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýokary tehnologiýaly stanoklary, gurluşyk we ýol-gurluşyk enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini ýerleýän, şeýle hem neşirýat, mebel, kosmetiki önümleri öndürýän kompaniýalar we beýlekiler bar. Türkmen tarapyndan foruma pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler we hyzmatlary amala aşyrýan telekeçiler gatnaşdylar. Öz işinde iň täze tehnologiýalary ulanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň şeýle çärelere işjeň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň önümçilik we eksport kuwwatyna saldamly goşant goşýan türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny goldamak baradaky syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow forumda çykyş edip, söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýedigini nygtady. Şunda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtady. Lebap welaýatynda Kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanany gurmak boýunça giň möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Çykyş edenler özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň möhüm ornuny bellediler. Onuň sekizinji mejlisi şu ýylyň 10-njy maýynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirildi. Forumyň barşynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň senagat we ykdysady kuwwaty barada filmler görkezildi. Munuň özi iki ýurduň işewür toparlarynyň we edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň haýsy ugurlarda netijeli boljakdygy babatda degişli ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Belarusly myhmanlar dürli enjamlary, önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we bölümleri ibermek ulgamynda öz hyzmatlaryny teklip etdiler, ýurdumyzyň dokma, oba hojalyk hem-de senagat harytlaryna, azyk önümlerini öndürmekde tagallalary birleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Forumyň barşynda şeýle hem iki ýurduň telekeçiler birleşikleriniň we kärhanalarynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Demir ýol otlularyny, oba hojalyk hem-de ýol tehnikasyny getirmek, elektrik enjamlaryny, neşirýat önümlerini öndürmek we getirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar şu gün özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga täze çemeleşmeleri anyklaşdyrmak, önüm öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda ýene-de bir möhüm ädimiň ädilendigine kanagatlanma bildirdiler.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow