Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Çap edildi 10.06.2017
1743

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, agyr wakum gazoýlyny satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewürler toparynyň wekilleri tehniki kükürde isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata we ýüplük, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, azyklyk bugdaý ýerlenildi. Bu önümleri Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Owganystandan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 36 million 180 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 63 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow