Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady
Jemgyýet
Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady
Çap edildi 19.06.2017
1947

Oba hojalyk toplumynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” ady bilen Halkara maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň 2017-2019-njy ýyllarda AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Maslahata Ýewrorada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Halkara guramalarynyň wekilleri sebitleýin derejede oňyn çözgütleri kabul etmek üçin netijeli toparyň döredilmegi boýunça türkmen hünärmenleri bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şunlukda, ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyran ägirt uly işleri bellenilip, ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň netijeli orun eýeleýändigi aýdyldy. Maslahatyň öňüsyrasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň binasynyň açylyş dabarasy boldy. AHHG-nyň Prezidenti, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu düzümi döretmek hakyndaky çözgüde gol çekdi. Ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynyň öňündäki meýdançada AHHG-ny esaslandyrylyjy ýurtlar bolan Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklarynyň galdyrylmagy dabaranyň resmi bölegini alamatlandyrdy. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministri N.Sapardurdyýew hem-de BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa çykyş etdiler. Olar AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň öz işie başlamagy bilen gutlap, sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we utgaşdyrmakda bu düzümiň wajypdygyny bellediler.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow