Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Paýtagtymyzda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 15.07.2017
2332

Paýtagtymyzyň Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan bu bank maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi. 10 gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 4430 inedördül metr bolup, onuň 5-10-njy gatlarynda işewürlik merkezi ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda müşderlere ilkinji hyzmatlary ýola goýýan bölümler ýerleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde köp sanly monitorlar oturdylyp, olarda dünýä ýurtlarynda erkin hereket edýän pullaryň nyrhlary, milli manadymyzyň hümmeti, mundan başga-da, olarda birža söwdalaryna degişli maglumatlar On-laýn tertibinde görkezilýär. Munuň özi müşderleriň degişli maglumatlary alyp bilmegini üpjün edýär. Merkeziň bäşinji gaty çagalar üçin oýun we dynç alyş ýerlerinden ybarat bolup durýar. Söwda merkeziniň altynjy gatynda restoran ýerleşdirildi. Mundan başga-da, toplumyň çäginde birinji gatynda söwda dükanlary ýerleşdirilen 8 gatly 84 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlup ulanylmaga berildi. Binanyň birinji gatynda ýerleşen söwda dükanynda gündelik durmuşda ulanylýan ähli harytlar bilen bir hatarda mebelleriň örän köp görnüşlisi ilata hödürlenýär. Şeýle hem toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow