Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda birbada 2 müň 540 maşgala täze öýleriň açarlary gowşuryldy
Jemgyýet
Paýtagtymyzda birbada 2 müň 540 maşgala täze öýleriň açarlary gowşuryldy
Çap edildi 15.07.2017
2263

Şu gün täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde ýurdumyzyň Senagatylar we telekeçiler birleşmesiniň “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň buýurmasy esasynda ýerli hususy gurluşyk kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 4 gatly ýaşaýşy jaýlarynyň 60-sy bina edildi. Şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si gurlup, ulanmaga berildi. Bu künjekde gurlup ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 68-sinde jemi 2 müň 540 öýler ýerleşdirildi. Bu jaýlarda iki otagly öýleriň jemi 736-sy, üç otagly öýleriň 1168-si, dört otagly öýleriň bolsa jemi 636-sy ýerleşdirilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we ýokary derejeli dynç alyş üçin ähli amatly şertler döredildi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen bir hatarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, meldeniýet we sungat işgärleri, hormaly ýaşulular, ýaşlar we ýurdumyzyň baş şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda gurluşyk işlerinde has tapawutlanan işgärlere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda giň otaglar, myhman otagy, ýatylýan otaglar hem-de çagalar üçin niýetlenen otaglar bolup, olarda ýokary derejedäki amatlyklar üpjün edildi. Täze binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylandygyny, awtomobil ýollaryň, ýanýodalaryň, yşyklandyrylyş we beýleki ulgamlaryň çekilendigini bellemeli. Bu toplumda bina edilen jaýlarda sadaka we toý çärelerini geçirmek üçin niýetlenen zalyň jaýlaryň içinde döredilendigini bellemeli.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow