Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan - ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan - ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Çap edildi 19.07.2017
1827

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady. Maslahatda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasyna” laýyklykda žurnalistler üçin ýörite okuwlary taýýarlamak we olary geçirmek meseleleriniň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Okuw maslahatyny geçirmek üçin halkara bilermenler Branka Sesto (Horwatiýa) we Sergeý Çižkow (Russiýa Federasiýasy) çagyryldylar. Ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, metbugat we elektron neşirleriň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli institutyň, şeýle hem kazyýet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Söz azatlygynyň halkara ülňüleri, gözleglere bolan hukuk, maglumat almak we olary ýaýratmak, pikiriňi erkin beýan etmek, resmi çeşmelerden maglumatlary peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrmak meseleleri göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, daşary ýurtly bilermenler žurnalistika tejribesinde kazyýet maglumatlaryny ulanmak babatda tejribe alyşdylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrüň talabyna we jemgyýetçilik-syýasy hem-de demokratik ösüşiň wezipelerine laýyk gelmelidigi bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeleýändigini hasaba almak bilen, milli habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy. Maglumat giňişligini we häzirki zaman multimediýa tehnologiýasynyň ulanylyşyny giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýan Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribeleriniň ähmiýeti barada bellenildi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow