Baş sahypa
\
Sport
\
Geljekki olimpiaçylaryň üstünlikleri we mümkinçilikleri
Sport
Geljekki olimpiaçylaryň üstünlikleri we mümkinçilikleri
Çap edildi 14.08.2017
3285

Häzirki wagtda boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna belli russiýaly tälimçi, at gazanan sport ussady, Olimpiadanyň, dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Aleksandr Borisowiç Lebzýak ýolbaşçylyk edýär. Ol milli ýygyndy toparymyzy üç ýarym aý mundan ozal resmi taýdan türgenleşdirip başlady. Emma, bu gysga döwrüň içinde, onuň tälim berýän şägirtleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, eýýäm ýedi medaly almagy başardylar. Mysal üçin, Bakuwda geçirilen Yslam oýunlarynda (12-22-nji maý) onuň şägirtleri üç medala: Arslanbek Açilow (75 kg) altyn, Ýakub Meredow (56 kg) kümüş we Hursant Imankulyýew (60 kg) bürünç medala eýe boldular. Iki aý hem geçip-geçmänkä Aleksandr Lebzýagyň şol şägirtleri — A.Açilow, Ý.Meredow we H.Imankulyýew Sowet Soýuzynyň Gahrymany Wiktor Liwensewiň ýadygärligine Minsk şäherinde geçirilen ýaryşlarda 3 medaly eýelediler. Bu gezek eýe bolnan sylaglaryň hili has ýokary — iki altyn we bir kümüş medaldan ybarat boldy. Minskide Ýakub Meredow we Hursant Imankulyýew Bakuwda görkezen üstünliklerinden hem ýokary galmagy başardylar. Bu ýaryşlardan ozal boksçy N.Nurýagdyýew (81 kg) Daşkentde Aziýa çempionatynda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy hem-de 22-nji awgust — 3-nji sentýabr aralygynda Gamburg şäherinde (Germaniýa) geçiriljek dünýä çempionatyna ýollanma aldy. Aleksandr Borisowiç hut şol çempionata Türkmenistanyň ýygyndy toparyny 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça işlenip taýýarlan maksatnamasynyň örän möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde garaýar.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow