Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Pudaklaýyn foruma gatnaşyjylar milli pul syýasytynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Ykdysadyýet
Pudaklaýyn foruma gatnaşyjylar milli pul syýasytynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 01.11.2017
2118

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler zalynda dolanşyga milli walýutanyň-manadyň girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma hökümet agzalary, döwlet we paýdarlar -täjirçilik banklarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň YA-nyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maliýe we bank ulgamlaryny kämilleşdirmek, manadyň durnuklylygynyň we ykdysady ösüş depginleriniň özara baglanşygy, banknotlaryň ýokary goraglylygy, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanşygynyň taryhy ýaly ugurlar boýunça çykyşlar boldy. Ilata we telekeçilere hyzmat etmegiň döwrebap tehnologiýalary foruma gatnaşanlaryň üns merkezinde boldy. Internet-bankingiň ornaşdyrlmagy, şeýle hem nagt däl hasaplaşyga geçilmegi bilen bank hyzmatlary ulgamy täze, san tekizligine geçýär, ol türkmen manadynyň ähmiýetini güýçlendirmäge ýardam eder. Şahsy we hukuk taraplara karz bermegiň dürli gurallaryna garaldy, karz bermek ulgamyny ösdürmek ara alyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýän ýörütleşdirilen maksatnamalaryň döredilmeginiň zerurlygy ara lanyp maslahatlaşyldy. Karz alyjylar bilen karz berijileriň hyzmatdaşlygyny düzgünleşdirmäge niýetlenen kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýänligi nygtaldy. Maslahaytň barşynda türkmen ykdysatynyň diwersifikasiýasy, önümleri eksporta iberilmegine ugrukdyrylmagy we daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuna harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi ýaly ileri tutulýan ugurlary bellenildi, bu bolsa türkmen manadynyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär. Eksportyň paýy artýar, daşary ýurt harytlary türkmen haryt öndürijileriniň milli bazarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we özüne düşýän gymmaty arzan önümleri bilen bäsleşige ejiz gelýärler. Senagatyň ösüşi we düzüm döwrebaplaşdyrylşy, täze önümçilikleriň döredilmegi we milli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi adamlaryň iş bilen üpjün edilmegine we ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýärler. Forumda şeýle hem 2009-njy ýylyň denominasiýasynyň oňyn netijesi bolan türkmen manadynyň taryhyna bagyşlanan çykyşlar boldy. Täze nusgadaky banknotlary dizaýnynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki zaman gazananlaryny beýan etmek mowzugyna garaldy. Milli manadyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geljekki maliýe-bank ulgamynyň hünärmenleri taýýarlanylýanYkdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi. Olaryň öňünde bu ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasyny durmuşa geçirmek, elektron täjirçilig işjeň ösdürmek wezipesi durýar. Şonuň üçinem okuwa innowasiýalar we döwrebap bilim tehnologiýlary işjeň ornaşdyrylýar, mugallaymlar-professorlar düzümi talyp ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliginiň açylmagyna ýardam etmäge çalyşýarlar.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow