Baş sahypa
\
Medeniýet
Medeniýet
27.06 2018
Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
26.06 2018
Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp...” atly konsert geçirildi. Onda ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň çykyşy boldy. Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
25.06 2018
«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdyň öwüşginli wakalary bilen watandaşlarymyzyň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň uzak wagtlar ýadynda galar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylan iri möçberli döredijilik çäresi duşuşyklaryň, konsertleriň, sergileriň we maslahatlaryň uly baýramçylygyna öwrüldi. Onuň baş maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, onuň özboluşly ýörelgelerini we gadymy gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
24.06 2018
Ahal welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanan Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy ajaýyp Watanymyzda şanly wakalaryň nobatdaky baýramçylygyna öwrüldi.
22.06 2018
Şu gün Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
18.06 2018
Şu gün ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwalyň açylyşy boldy. Ol Türkmenistanyň halk artistiniň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.
29.05 2018
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleri uly üstünlik gazanyp, «Altyn Gaetano» heýkeljigine mynasyp boldular. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlarymyza halkymyzyň buýsanjyny nobatdaky gezek artdyrdy.
26.05 2018
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda saz gurallaryny jübüt bolup çalýan “Menç” fransuz toparynyň konserti boldy. Joşgunly döredijilik baýramy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň howandarlygynda geçirildi.
18.05 2018
Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy.
01.05 2018
Mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz­da mun­dan dört müň ýy­la go­laý öň eme­le ge­len si­wi­li­za­si­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lan­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän ýüz­ler­çe ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar ber­lin­li­le­re we bu şä­he­riň myh­man­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň örän baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýär.
53 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi