Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.