Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Maýýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar.
Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ýurduň Magdeburg şäheriniň Täze ýyl bazarynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.