23.03 2025

Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

23.03 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

23.03 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

22.03 2025

Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

22.03 2025

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

21.03 2025

Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady.

21.03 2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan Size we ähli türkmen halkyna parahatçylygyň, täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

21.03 2025

Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaz paslynyň al-elwan güllerine beslenip gelen Nowruz baýramynda ýaňlanjak aýdym-sazlaryň, folklor çykyşlarynyň we milli gymmatlyklaryň sergileriniň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, raýatlaryň kalbynda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

20.03 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

20.03 2025

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

1465 sahypa
Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy