12.12 2024

Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýram — ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  

12.12 2024

Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

12.12 2024

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

11.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.

11.12 2024

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

11.12 2024

Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen sylaglamaly.

11.12 2024

Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde ägirt uly ornunyň bardygyna berk ynanýarys.

11.12 2024

Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

11.12 2024

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

11.12 2024

Şu gün paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1466 sahypa
Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi