24.10 2024

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bildirilen myhmansöýerligi üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. 


24.10 2024

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 

23.10 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

23.10 2024

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, şeýle hem ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

23.10 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Gurbangeldiýewiç Gurbanow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

23.10 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

23.10 2024

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

23.10 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

22.10 2024

Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

22.10 2024

Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

1467 sahypa
Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy