12.10 2024

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

11.10 2024

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

11.10 2024

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan şu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmuny bardyr.

11.10 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we pakistan halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we täjik halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

11.10 2024

Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we gyrgyz halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

1467 sahypa
Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy