Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Siziň üstüňiz bilen ähli doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.
Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny şanly sene — beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda ady agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.