04.08 2023

Şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldi. 

04.08 2023

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi.

04.08 2023

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.

03.08 2023

Şu gün paýtagtymyzda ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan şygaryna bagyşlanyp, «Garaşsyz Diýaryň geljegi ýaşlar: berkarar döwlet, ösen jemgyýet, bagtyýar nesil» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan guraldy.


03.08 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi.

02.08 2023

Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

01.08 2023

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.

01.08 2023

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

01.08 2023

«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

01.08 2023

«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

1472 sahypa
Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi