11.07 2022

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­synyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 40-sy ha­sa­ba alyn­dy.

10.07 2022

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

10.07 2022

Dowletgeldi Meretgeldiýewiç Annamuradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

10.07 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 12 — 14-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

10.07 2022

Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyny yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

10.07 2022

Size Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

08.07 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

08.07 2022

Sizi ynsan kalbynyň tämizligini hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

08.07 2022

Hojamyrat Geldimyradowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

08.07 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

1488 sahypa
Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda