Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna — “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahata hem-de onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.