24.05 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek, ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

24.05 2025

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

24.05 2025

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

23.05 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

22.05 2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy amatly maýa goýum gurşawyny döretmegi, halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi, iri maýa goýumlary çekmegi hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.

21.05 2025

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürýär, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary hem munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär.

20.05 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

20.05 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.

20.05 2025

Geçen hepdede Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi.

20.05 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şäher gurluşygy babatda tejribe alyşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 21 — 23-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

1409 sahypa
Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder