«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitlerde ykdysady kuwwaty artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy.
Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünliklerde, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýy bardyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmek hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bu toparyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän we ministrligiň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryna ýerlenilýän pagta çigidiniň 1 (bir) tonnasynyň bahasy 1000 manat möçberinde bellenildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.