Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny işgärler bilen berkitmegi we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawy hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Beat Trade FZE” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligi Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyny gowşurmagyň we ony dakynmagyň tertibini hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli nyşanyň Düzgünnamasy, ýazgysy we nusgasy tassyklandy.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda